Dark
Light
25.01.2026
metjit azer THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan Fizuli şäherinde metjit gurmaga girişdi

08.10.2025

Düýn, 7-nji oktýabrda Azerbaýjanyň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanýan Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň XII sammiti geçirildi. Sammitiň yzysüre, wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bilelikde teleköpri arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew dabarany açyk diýip yglan edip, Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin hoşallyk sözleri bilen çykyş etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözläp, Fizuli şäherinde guruljak metjidiň türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Dabara metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlaryň wekiliýet Baştutanlarynyň ählisiniň bir wagtda ekrana basmaklary arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Dabara metjit barada taýýarlanan ýörite wideorolige tomaşa etmek bilen tamamlandy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna guruljak bu metjidiň gurluşygyny «Aga-gurluşyk» hususy kärhanasy ýerine ýetirer.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

caga 25 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilime söýgi çagalykdan başlanýar

turki gurama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop