sowda senagat THE ASHGABAT TIMES

Saglyk, bilim, sport: döwrebap tejribeler, ösen tehnologiýalar

10.10.2025

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şu jähetden, şu gün – 10-njy oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy möhüm ähmiýete eýedir.

Ýylyň-ýylyna innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga daýanýan täzeçil pikirdir çemeleşmeleri hödürlemek bilen, foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar. Sergä dünýäniň dürli döwletlerinden lukmançylyk hyzmatlarynyň, tebigy gözellik serişdeleriniň, çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hödürleýän, dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny, sarp ediş harytlaryny öndürýän kompaniýalar öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň hem bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem şu gezekki gözden geçirilişde gazanan üstünliklerini görkezýändigini bellemelidiris. Bu ýerdäki wideoşekiller, diwarlyklar myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýar. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.

Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ösüşleri şu gezekki sergide giňden şöhlelendirilip, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu ulgamlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezýär.

Arazberdi GYLYJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:37 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1027 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
glawny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Il saglygy — ýurt baýlygy

magtymguly heykel THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen edebiýatynyň şuglasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop