magtymguly heykel THE ASHGABAT TIMES

Türkmen edebiýatynyň şuglasy

10.10.2025

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biri bolmak bilen,  halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, çuň mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebidir.

Beýik şahyryň döredijiligi ynsanda iň gowy häsiýetleri: ruhy-ahlak taýdan päkligi, dogruçyllygy, il-güne, Watana wepalylygy, lebzihalallygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýär. Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan uly, ajaýyp we özboluşly goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ähli halklarynyň ruhy-ahlak gymmatyny emele getirýär.

Bilşimiz ýaly, geçen 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Şunda akyldar şahyrymyzyň bütin dünýäde şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi ugrunda alnyp barylýan buýsandyryjy işler giň gerim bilen dowam etdirildi. Aýratyn hem, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi, Köpetdagyň belentliklerinde Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz heýkeliniň dikeldilmegi halkymyzyň milli buýsanjyny goşalandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda türkmen edebiýatynyň şuglasy Magtymguly Pyragynyň ýalkymly şygyrlary dünýä halklarynyň köňlüni çoýýar. Şu ýerde şahyryň goşgularynyň mazmun taýdan geriminiň diňe bir halkyň däl, eýsem, umumadamzadyň ykbalyna degişlidigini nygtamak gerek. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr» diýip belläp geçýär.

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejesinde dabaralandyrmak babatynda beýik başlangyçlarynyň esasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gymmaty milli çäklerden çykyp, umumadamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Şeýle asylly işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Rena JUMAKOWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sowda senagat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Saglyk, bilim, sport: döwrebap tejribeler, ösen tehnologiýalar

dil bil THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop