dil bil THE ASHGABAT TIMES

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

10.10.2025

Häzirki wagtda ykdysadyýetimizde bolup geçýän möhüm özgertmeler iňlis dilinde gowy gürlemegi başarýan hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Iňlis dili halkara aragatnaşygynyň dili hökmünde diňe bir işewürlikde däl-de, eýsem, dürli ugurlarda ulanylýar. Bu ugur dürli derejelerde möhüm aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Dünýäde köp adam iňlis dilini gündelik hünär işlerinde işjeň ulanýar.

Häzirki wagtda durmuşymyzy tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Elbetde, daşary ýurt dilini öwretmekde hem tehnologiýany ulanmak örän möhümdir. Tehnologiýa daşary ýurt dillerini öwrenmekde, dil öwrenişini ösdürmekde, okamak, ýazmak, diňlemek we gürlemek ýaly endiklere has tiz we aňsat düşünmekligi üpjün edyär. Sebäbi tehnologiýa çäksiz maglumat çeşmeleri bilen üpjün edilendir.

Sözleýiş endiklerini öwretmegiň esasy maksady aragatnaşyk netijeliligi bolup durýar. Dil öwrenýänler häzirki başarnyklaryny ulanyp, dürli diller bilen bir hatarda, inlis dilini hem özleşdirip bilerler. Okuwçylara gürlemekde kommunikatiw netijeliligi ösdürmäge kömek etmek üçin mugallym dil girişini we kommunikatiw öndürijiligi birleşdirýän çäreleri ulanyp biler. Şoňa görä-de, mugallym minimal jogaplary ulanmak, ýazgylary seljermek we dil hakda gürleşmek üçin okuwçylara gürlemek düzgünlerini öwredýär.

Okuwçylaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek üçin sapakda dürli sözleýiş çäreleri ulanylyp bilner. Sözleýiş endiklerini ösdürmek babatda göz öňüne tutulan düzgünler okuwçyny beýleki okuwçylar, şeýle hem jemgyýetdäki adamlar bilen gürleşmäge we diňlemäge höweslendirmegi öz içine alýar. Sözleýiş endiklerini ösdürmäge niýetlenen çäreler maglumat alyşmak, gürleşmegi ösdürmekden ybaratdyr. Sapak okamak ýa-da ýazmak endiklerini ösdürmäge gönükdirilen halatynda ol sözleýiş endiklerini ösdürmek üçin geçilýän derslere goşulmalydyr.

Şeýlelikde, okuwçylaryň başarnyklaryny ösdürmek mugallymyň wezipesi bolup durýar. Sözleýiş endiklerini ösdürmäge niýetlenen çäreleriň janly ýagdaýda, interaktiw we gyzykly guralmagy oňat netije gazanmagyň şertidir.

Maýa ÝOLDAŞOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
magtymguly heykel THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen edebiýatynyň şuglasy

koneurgenjin mukaddeslikleri bggubk31fa THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Horezm sungatynda saklanan syrlar

Soňkylar Makalalar

«Horezm» sözüniň manysy

06.12.2025
Türkmen halkynyň her bir daban ýeri taryhyň möhüm wakalaryndan, bahasyna ýetip bolmajak pursatlaryndan habar berýär. Gojaman türkmen topragynyň her ýerinde ata-babalarymyzdan miras galan gadymy

Zenanlar – jemgyýetiň işjeň bölegi

06.12.2025
Zenanlar baradaky alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň baýramy

05.12.2025
Haýsy ýurtda baýramlar baýramlara, toýlar toýlara ulaşýan bolsa, şol döwletde bagtyýarlygyň höküm sürýändiginden, halkyň agzybirliginden, jemgyýetiň abadanlygyndan, şol ýurtda ägirt uly ösüşleredir üstünliklere eýe

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop