Dark
Light
25.01.2026
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!

10.10.2025

Parahatçylyk — ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy. Parahatçylyk — gülläp ösüş. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şu jähetden, 2025-nji ýylyň dünýäde hem-de Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şeýlelikde, 2025-nji ýyl bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi bolsa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ähmiýetli taryhy wakasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunda saýlap alan bitaraplyk nusgasynyň taryhy ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Ýeri gelende, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk ýubileý senesi bilen utgaşykly sazlaşyp, şu ýylyň halkara ähmiýetini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek. Şunda ýurdumyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli taýýarlan degişli Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan milli we ählumumy derejedäki möhüm ähmiýetli çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jemile BAZAROWA,
Darganata etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2qegibar THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaşyl ykdysadyýet — geljege başlaýan täze ykdysady ýol

caga 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Körpeleriň irki ösüşi ugrunda

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop