Dark
Light
25.01.2026
2qegibar THE ASHGABAT TIMES

Ýaşyl ykdysadyýet — geljege başlaýan täze ykdysady ýol

09.10.2025

Häzirki zaman dünýäsi tebigaty goramak, daşky gurşawy arassa saklamak we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täze ykdysady ugra — ýaşyl ykdysadyýete ýüzlenýär. Bu düşünje diňe ykdysady ösüş bilen çäklenmän, eýsem, adamzadyň uzak geljekde sagdyn we howpsuz ýaşamagyny maksat edinýän ýörelgeleri özünde jemleýär.

Ýaşyl ykdysadyýet baradaky pikir ilkinji gezek geçen asyrda ylmy işlerde ýüze çykyp, 1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň Daşky gurşaw we ösüş boýunça konferensiýasynda giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. 2012-nji ýylda geçirilen Rio+20 halkara maslahatynda bolsa, ýaşyl ykdysadyýet durnukly ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde resmi taýdan ykrar edildi.

Bu ykdysady modeliň esasy maksady — ykdysady ösüş bilen daşky gurşawy goramagyň sazlaşygyny gazanmakdyr. Onuň esasy ýörelgeleri:

  • Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden — gün, ýel, suw energiýasyndan peýdalanmak,
  • Tebigy baýlyklary tygşytly we rejeli ulanmak,
  • Ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ösdürmek,
  • Ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak,
  • Ekologiýa taýdan arassa iş orunlaryny döretmek.

Türkmenistanda hem ýaşyl ykdysadyýete aýratyn ähmiýet berilýär. “Akylly” we ekologiýa taýdan arassa Arkadag şäheri ýaşyl ykdysadyýetiň nusgalyk modeli hökmünde öňe çykýar. Şeýle-de, gün we ýel energiýasy boýunça alnyp barylýan taslamalar ýurdumyzyň bu ugurdaky öňdebaryjy başlangyçlarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaşyl ykdysadyýet häzirki döwrüň iň möhüm talaplarynyň biridir. Tebigaty goramak, durnukly ösüşi üpjün etmek we geljekki nesiller üçin sagdyn ýaşaýyş gurşawyny döretmek maksady bilen bu ugra daýanmak dünýä ýurtlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir.

Aýmanjan ATAJANOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

turki gurama THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop