kitap gadymy THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halk döredijiliginde fiziki hadysalaryň beýany

13.10.2025

Gadymy döwürlerden bäri türkmen halk döredijiligine degişli bolan birnäçe zatlar saklanylyp galypdyr. Çünki türkmen halky geçmişini geljegi bilen berk arabaglanyşykda dowam etdirýär. Türkmen halk döredijiligi diňe bir zähmete söýgi, wepalylyk, ahlaklylyk, edep-terbiýe bilen baglanyşykly bolman, ol dürli ugurlar, bilimler bilen hem utgaşyp gidýär.

Halk döredijiliginiň biziň şu günlerimizde-de has giňden ýaýran, dillerimizde gündelik ulanylýanlaryň biri hem nakyllardyr. Nakyllarda hem fiziki hadysalara degişli birnäçe aýtgylar bar. Muňa mysal edip: «Almany göge at, ýere düşýançä ýa pelek» diýip aýdylýar. Bu ýerde bu nakyl terbiýeçilik ähmiýeti bolman, fiziki hadysa bolup hem çykyş edýär.

Almanyň aşak gaçmasy netijesinde erkin gaçmanyň tizlenmesi amala aşýar. Jisimiň ýokardan erkin gaçma tizlenmesini XVI asyryň ahyrynda Galileo Galileý oýlap tapypdyr. Alma agajyndan almanyň ýere gaçmasy esasynda bolup geçen hadysalaryň birini hem Nýuton açyk-aýdyň subut edýär. Ol bu işiň netijesinde grawitasiýa hadysasyny ýüze çykarýar.

Türkmen halk dörediiliginde uly orun tutýan žanrlaryň biri-de lälelerdir. Läleler hem özleriniň tematikasy boýunça dürli görnüşde bolup, olar aýal-gyzlar tarapyndan döredilýär. Lälelerde hem fiziki hadysalar uly orun tutýar. Meselem:
Gargalar gagyldaşar,
Aý dogar, günler ýaşar.
Agama geljek gyzyň,
Düwmesi daňňyrdaşar.
Bu ýerde fiziki hadysalaryň biri bolan Aýyň-günüň batyşy hakda aýdylýar. Aý-günler barada senenamany ilkinji bolup Gündogaryň meşhur alymy Omar Haýýam açypdyr. Bu senenamada Ýer şarynyň Günüň daşyndan aýlanyşyndan ugur alynýar.

Türkmen halk döredijiliginiň ýene bir görnüşi bolan monjugatdylardyr. Bu halk döredijiliginde gozgalýan esasy meseleler gyz-gelinleriň ýürek beýany bolup durýar. Ýagny:
Nowruz geldi bu gije,
Gyzlar atarlar bije.
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz jüýje.
Bu ýerde ýylyň dowamynda gije-gündiziň deňleşýän wagty bolan 21-22-nji mart göz öňünde tutulýar. Meşhur alym Omar Haýýamyň senenamasy Nowruz baýramynda, ýagny 21-22-nji martdan başlanýar.

Hüwdüler hem halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, ol diňe çagalara degişlidir:
Allan-allan edilsin,
Uklap gözler ýumulsun.
Ukyňa päsgel berjek
Duşman bary gyrylsyn.
Görşümiz ýaly, halk döredijiliginde fiziki hadysalaryň orny has uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik duýgularyny oýarmakda halk döredijiliginiň orny hem uludyr. Biz ― ýaşlara kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Gülçemen ARSLANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
2:53 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
bilim ulgamy dd THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Başlangyç bilimi kämilleşdirmek – möhüm wezipe

oba agrar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba hojalyk pudagynyň rowaç menzilleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop