Dark
Light
29.01.2026
tajik baydak THE ASHGABAT TIMES

Özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

14.10.2025

Merkezi Aziýa — Aziýanyň ýüreginde ýerleşip, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlyk çatrygy. Sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Şu meselelerdir zerurlyklar dogrusynda 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda  Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammitinde hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde giňişleýin durlup geçildi, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan möhüm teklipler öňe sürüldi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen hem duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz duşuşykda ýokary döwlet derejesindäki özara saparlaryň ähmiýetine ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlary, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada durup geçdi. Energetika, ulag, senagat, dokma, oba hojalyk pudaklary, senagat kooperasiýasy bolsa geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şeýle-de Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň, Türkmen-täjik işewürlik geňeşiniň işini ilerletmek, iki ýurtda söwda öýlerini açmak babatda tagallalary işjeňleşdirmek teklip edildi.

Mälim bolşy ýaly, «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky ilkinji ýokary derejeli duşuşyk 2022-nji ýylyň oktýabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilipdi. Şu gezekki sammitiň dowamynda oňa gatnaşýan Liderler hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, häzirki geosyýasy şertlerde söwda-ykdysady we beýleki bähbitleri goramak, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy.

10-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlendi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara hem sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ýokary derejeli sammitlere gatnaşmagy Türkmenistanyň durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Dünýäde ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň berkarar bolmagynyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hallymämmet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Global ykdysadyýetde kiberhowpsuzlygyň orny

kitap genjis THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Iň gowy söhbetdeş

Soňkylar Makalalar

Çagalary bilime höweslendirmegiň usulyýetinde

28.01.2026
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň pedagogik we usuly wezipelerini durmuşa

Bilim belentliginiň täze basgançaklaryna tarap

27.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda okatmagyň usullary barha döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Sport – Sagdynlygyň we Dostlugyň Belent Ganaty

26.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy
GitTop