Dark
Light
26.01.2026
sport medal kubok THE ASHGABAT TIMES

Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

16.10.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda raýatlaryň saglygyny goramak we berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda rowaçlandyrmak, sporty giň gerimde ösdürmek hemişe ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Sebäbi ilatyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde esasy orun eýeleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň zamanasy bolup dabaralanýar. Bedenterbiýäni we sporty hemişelik hemra edinip, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek üçin güneşli Diýarymyzyň islendik künjünde zerur bolan ähli şert-mümkinçilikler bar. Döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen mekdepler, sport meýdançalary bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda. Döredilýän şert-mümkinçilikler halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinmeklerinde möhüm ähmiýetlidir.

Geçen ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr.  BMG-ä agza ýurtlaryň 87-si bu başlangyjy biragyzdan goldady. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, geçen ýyl Aşgabat şäheri «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Goý, halkymyzyň saglygy barada uly aladalary edýän hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagy ugrunda tutumly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt ähmiýetli tutumlary hemişe üstünliklere beslensin!

Nowruz JALAÝEW,
Tejen etrabynyň sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk ― dünýäniň ýürek aýdymy

sport umumy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport we bedenterbiýe – ýaşlaryň endigi

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop