Dark
Light
26.01.2026
sport umumy THE ASHGABAT TIMES

Sport we bedenterbiýe – ýaşlaryň endigi

16.10.2025

Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň, esasan hem, ýaş nesilleriň sport, köpçülikleýin bedenterbiýe we sagdyn durmuş ýörelgesi bilen meşgullanmagy üçin ajaýyp zamanamyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Sporty ösdürmek babatda maksatnamalaryň kabul edilmegi we üstünlikli durmuşa geçirilmegi, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini görkezýär.

Gysga döwrüň içinde ýurdumyzda hil taýdan halkara ölçeglere laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, paýtagtymyzda Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmekde belent sepgitlere ýetildi. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara derejeli sport ýaryşlarynyň dowamly geçirilýän künjekleriniň birine öwrülip, bu ugurda oňyn tejribe toplady. Dünýä jemgyýetçiliginiň, abraýly halkara guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýan şeýle döwletli tutumlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda täze sepgitleri nazarlaýar. Bu ugurdaky milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler üstünliklere beslenýär. 

Ýurdumyzyň bedenterbiýe we sporty ösdürmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň giň ykrarnamasyna eýe boldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi, geçen ýylda bolsa Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sporty ösdürmekdäki, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekdäki üstünlikleriniň halkara bileleşigiň ýokary bahasyna eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Maksat BOÝAZOW,
Şabat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

sport medal kubok THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sport – sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

2222222 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Arkadag şäheri – oýlanyşykly gurluşygyň we toplumlaýyn ösüşiň aýdyň mysalydyr

Soňkylar Makalalar

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

SPECA forumy: strategik ugurlarda dialogy ilerletmek

24.01.2026
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum üstünlikli geçirildi. Şunda Milletler Bileleşiginiň standartlaryny

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam
GitTop