dil owrenm THE ASHGABAT TIMES

Dünýä dilden başlanýar

17.10.2025

Dil öwrenmek jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gowulaşdyrmakdan we deň-duşlaryň arasyndaky baglanyşygy höweslendirmekden başga-da has gowy düşünje döretmek, köp ses bermek, diňlemek endikleri we meseläni çözmek ýaly güýçli aň-bilim ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine hem aýratyn üns berilýär.

Daşary ýurt dilleri diňe bir syýahat etmekde ýardam bermän, eýsem daşary ýurtlarda okamak we hünär geljegi üçin hem bähbitlidir. Ikinji dile eýe bolmaklyk islendik ýaşda dürli akyl ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň örän köp peýdasy bar.

Daşary ýurt dili düzgünleriň, gurluşlaryň we leksikalaryň düýbünden täze çylşyrymly ulgamydyr. Täze dili öwrenmeklik beýniňiziň täze konstruksiýalary duýmagy we kabul etmegi sebäpli ýüze çykýan kynçylyklardan ýeňip geçmelidigini aňladýar. Beýnimiziň sözleri, aragatnaşygy amala aşyrmaga çalşanda, biz akyl ýetiriş ukyplarymyzy, çylşyrymly problemalary çözmek ukyplarymyzy kämilleşdirýäris. Ösen tankydy pikirlenme ukyplary hünär taýdan kämilleşmegimiz üçin möhümdir. Diýmek, dil öwrenmek — beýniniň işleýşini güýçlendirýär.

Beýni näçe köp peýdalanylsa, şonça hem gowy işleýär. Täze dil diňe bir grammatiki kadalar ýa-da täze sözler bilen tanyş bolmagy talap etmän, eýsem bu bilimleri ýatlap we ulanyp bilmekligi talap edýär. Dil öwrenmek siziň ýadyňyzy türgenleşdirýär. Bu bolsa köp dil bilýän adamlaryň beýnisiniň gowy hem-de çalt işlemegine,  atlary, ugurlary, faktlary we sanlary ýatda saklamagyna getirýär. Diýmek, dil öwrenmek — ýatkeşligi ösdürýär.

Şular bilen baglylykda, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsançly bellemelidiris. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Muhammet ÖWLÝAGULYÝEW,
Halaç etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Halaç etrap Agrar partiýasynyň agzasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ascvui7f3a6qjwp11rkmmakmclypdy 1500x800 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sanly ulgamyň täze mümkinçilikleri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop