THE ASHGABAT TIMES

Sanly ulgamyň täze mümkinçilikleri

17.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, innowasion ösüşleri ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ösüşleriň merkezinde bolsa sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy durýar.

Sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy diňe bir gündelik ýaşaýşy ýeňilleşdirmek bilen çäklenmän, döwlet dolandyryşy, ykdysadyýet, bilim, ylym we jemgyýetçilik gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Elektron resminamalar dolanyşygy, elektron şahsyýetnamalar ulgamy, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýetiň we sazlaşykly işleýän elektron senagatynyň döredilmegi häzirki zaman jemgyýetiniň sanly ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär.

XXI asyryň başyndan bäri maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň çalt ösmegi dünýäniň ykdysady, medeni we durmuş ösüşinde täze sahypany açdy. Ykdysadyýetde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümçilikleriň awtomatlaşdyrylmagyna, elektron söwdanyň giňelmegine, maliýe ulgamynda täze hyzmatlaryň peýda bolmagyna ýol açýar. Blokçeýn tehnologiýalary we akylly şertnamalar halkara söwda gatnaşyklarynyň möhüm guralyna öwrülýär. Şeýle-de, elektron bank hyzmatlarynyň giňden elýeterli bolmagy raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini artdyrýar.

Bilim ulgamynda hem sanly ösüşler täze mümkinçilikleri döredýär. Uzak aralykdan okatmak, elektron kitaphanalar, onlaýn okuw kurslary we wirtual laboratoriyalar arkaly bilimiň elýeterliligi ýokarlanýar. Bu bolsa ýaşlaryň dünýä derejesindäki bilim çeşmelerinden peýdalanmagyna giň ýol açýar.

Sanly tehnologiýalaryň ösüşi jemgyýetiň ähli ugurlaryna täsir edýän möhüm şert bolup çykyş edýär. Ol ykdysadyýetiň, bilimiň, saglygy goraýşyň we döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen, döwletiň durnukly ösüşine itergi berýär.

Netijede, sanly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak jemgyýetiň ösüşine täze ýol açýar. Bu ugurda ylmy-barlaglaryň dowam etdirilmegi, halkara tejribäniň öwrenilmegi we degişli hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde öňe çykýar.

Ogulsona KULYÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
dil owrenm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýä dilden başlanýar

171025 pr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop