glawny 1 THE ASHGABAT TIMES

Röwşen geljege barýan ýol

15.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Watanymyz gysga döwrüň içinde uly ösüşlere eýe boldy. Syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gazanylýan üstünlikler bilen Türkmenistan bu gün tutuş dünýäniň üns merkezinde ýerleşýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler we taryhy wakalar halkymyzyň durmuşyny düýpgöter özgertmek bilen, täze eýýamyň ruhuny alamatlandyrýar.

Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz syýasy durnuklylyk, ykdysady kuwwatlylyk we medeni ösüş babatda täze belentliklere çykdy. Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Jemgyýetçilik-syýasy, sosial-ykdysady, bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler halkymyzyň kalbynda hoşallyk duýgusyny döredýär. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, agzybir, parahatçylyksöýüji we ylalaşdyryjy döwlet hökmünde doly ykrar edilen ýurtlaryň hatarynda orun alýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň taryhynda hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň başlanan senesi hökmünde altyn harplar bilen ýazylýar. Bu syýasat Türkmenistanyň halkara giňişliginde parahatçylygyň, agzybirligiň we oňşukly gatnaşyklaryň tarapdary hökmünde çykyş etmegini üpjün edýär. Bitaraplyk syýasaty türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna, ruhy ýörelgelerine daýanýar we durnukly ösüşe, goňşuçylyk gatnaşyklaryna, demokratiýa esaslanýan döwlet dolandyryşyna giň ýol açýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz milli ýoluny saýlap, gysga taryhy döwürde dünýäniň ösüp barýan ýurtlarynyň arasynda mynasyp orun eýeledi. Ýurdumyz ykdysady, syýasy we sosial ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen halkara derejesinde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Bu abraý, Türkmenistanyň halkara syýasy arenadaky täsirini has-da artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent özgertmeleri we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen we ygtybarly boljakdygyny alamatlandyrýar. Öňde goýulýan maksatlar halkymyzyň bagtyýar geljegine bolan ynamy berkidýär.

Leýli JUMAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1i55nw3oauahxfhrg4lp6mwndbxvnntwfx9hgeqbzgvo74groi6u8y9mv7bu 960x451 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym-bilim bilen ösüşe tarap

flags language THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Medeniýetara gatnaşyklarda daşary ýurt dilleriniň orny

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop