5997945 THE ASHGABAT TIMES

Tebigat – biziň öýümizdir

18.10.2025

Adamzat döräli bäri tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşykda ýaşaýar. Tebigat diňe bir ýaşaýyş gurşawymyz bolman eýsem, biziň saglygymyz, ruhy durnuklylygymyz, hat-da geljegimiz bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan howanyň üýtgemegi, tokaýlaryň ýok edilmegi, suwuň hapalanmagy ýaly ýagdaýlar diňe bir ýurda däl, eýsem bütin adamzada täsir edýär.
Tebigatyň durnukly ýagdaýda saklanmagy adam saglygynyň kepili bolup durýar. Arassa howa, suw, tebigy iýmitler — bular biziň her birimiziň gündelik durmuşymyzda sagdyn ýaşamak üçin zerur zatlardyr. Eger-de biziň howamyz zäherli gazlar bilen hapalansa, suw çeşmeleri zäherlenip gitse, onda adamlaryň saglygy ýaramazlaşýar, dürli ýokanç keseller ýüze çykýar. Diýmek, tebigatyň durnuklylygyny goramak bilen adamzat özüniň hem durnukly ösüşini üpjün edýär.
Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ekologiýa boýunça birnäçe çäreler görülýär: tokaý zolaklary dikeldilýär, zibiller gaýtadan işlenýär, howanyň hapalanmagyna garşy göreşilýär. Şeýle çäreler ýurdumyzyň döwlet syýasatynda hem uly orun eýeleýär. “Tebigat biziň öýümizdir” diýen ýörelge bilen ýurdumyzda köp sanly tokaýlar oturdylýar, “ýaşyl zolagyň” giňeldilmegine uly üns berilýär.
Netijede, tebigaty goramak bilen biz diňe tokaýlary ýa-da derýalary däl, eýsem özümizi, geljek nesilleri gorap saklaýarys. Her birimiz bu jogapkärçiligi öz üstümize alanymyzda, tebigat hem bize sagdyn, durnukly we rahat ýaşaýyş bilen jogap berer.

Kakageldi AMANOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
ex650kd1qovjy68h0w4bor3glnj5woa1pnce58rq6h3fioiwxw67ufc66zyn THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli medeniýete belent sarpa: döwletiň medeni Galkynyşy

2 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dil bilen dünýäni gezer

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop