2 THE ASHGABAT TIMES

Dil bilen dünýäni gezer

18.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim almagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Esasan hem, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmegi, daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Mundan başga-da ýaşlaryň kämil bilim almaklary, dil öwrenmekleri üçin ýurdumyzda döwrebap bilim merkezleri hereket edýär. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaş nesliň zehinini artdyrýar, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ýaşlara berlen bilim olaryň bilim binýadynyň berkden bolmagyna kömek edýär.

Dana AMANMYRADOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
5997945 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tebigat – biziň öýümizdir

bmg diploma THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nýu-Ýorkdan hoş habar: ählumumy rowaçlygyň we ösüşiň bähbidine

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop