Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamy täze belentliklere çykýar. Medeniýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty üstünlikli netijeleri berýär. Sungatyň dürli görnüşlerini dikeltmek we ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Halkara medeni gatnaşyklarynyň giň gerimde ýola goýulmagy, festiwallaryň, sergileriň, maslahatlaryň we konsertleriň guralmagy bu ulgamyň ösüşine güýçli itergi berýär.
Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlar, halk döredijiligi we sungat eserleri häzirki döwürde täze öwüşgin bilen halkymyza ýetirilýär. Zehinli ýaşlar we ussat halypalar şöhratly taryhymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary, sahna eserlerini, kinofilmleri hem-de teleradiogepleşikleri döredip, medeni mirasymyzy baýlaşdyrýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine bagyşlanan medeni çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Döretmäge höwesli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen bäsleşikler, festiwallar we döredijilik ýaryşlary yzygiderli guralýar. Döwrebap teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet öýleriniň we sungat mekdepleriniň gurulmagy medeni ösüşiň binýadyny berkidýär.
Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş döredijiler we halypalar halkymyzyň nurana geljegini wasp edýän alkyşly senalary döredýärler. Bu senalar aýdym bolup ýaňlanýar, nama bolup ýazylýar, halkyň kalbyna siňýär.
Leýla AKJAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby