bmg diploma THE ASHGABAT TIMES

Nýu-Ýorkdan hoş habar: ählumumy rowaçlygyň we ösüşiň bähbidine

20.10.2025

Mälim bolşy ýaly, 17-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Bu hoş habar Bitarap Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny noatdaky gezek aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, 104 döwletden, halkara guramalaryň 46-syndan wekiliýetler ýurdumyza sapar bilen geldi. Maslahatyň çäklerinde plenar mejlisleriň 6-sy, ýokary derejeli “tegelek stol” duşuşyklarynyň 5-si, ýokary derejedäki forumlaryň 7-si, ugurdaş çäreleriň 40-a golaýy geçirildi. Olaryň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna seredildi.

Hususan-da, forumda ylym, bilim, innowasiýalar, halkara söwdany ösdürmek, durnukly infrastrukturany döretmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň işi dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Maslahatyň netijeleri boýunça Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli netijeleri we maslahatyň dowamynda bu döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi aýratyn berllärlikli bolup, ol Ýer ýüzünde parahatçylygy, dostlugy, ynanyşmagy, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerledýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraý-mertebesini has-da dabaralandyrdy. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 57 döwletiň awtordaşlygynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilendigi barada gelip gowşan şatlykly habar hem döwletimiziň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýan ýurt hökmünde halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda täze Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!

Süleýman SETDARBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýangyn-tehniki fakultetiniň dekany, içerki gullugyň maýory.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dil bilen dünýäni gezer

bilim ylym yaslar THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Asylly maksatlardan ugur alyp

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop