Şu ýylyň 13 — 15-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Baku şäheriniň G.Alyýew adyndaky merkeziniň dabara jaýynda öz işine başlan medeni çärede iki ýurduň medeniýet ulgamynyň wekilleri täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Açylyş dabarasynyň çäginde ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň we fotoserginiň guralmagy milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Azerbaýjan Respublikasynyň milli kitaphanasynda Türkmenistana bagyşlanan kitap sergisiniň görkezilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasa eýlenen kitaplarynyň, şeýle-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň, gazet-žurnallaryň, neşir önümleriniň sergisiniň guralmagy doganlyk türkmen edebiýaty bilen tanyşmakda möhüm ähmiýetlidir. Bu ýerde geçirilen esasy çäreleriň biri-de Azerbaýjanyň görnükli ýazyjy-şahyrlary bilen döredijilik duşuşyklarydyr.
Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň deňiz kenarynda ýerleşýän seýilgähde türkmen milli tagamlarynyň görkezilip, myhmanlara hödürlenilmegi bilen birlikde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň guralmagy medeni gatnaşyklary täze derejä çykarmaga, ýardam berýär. Şeýle hem Genje şäheriniň Döwlet filarmoniýasynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda ýerine ýetirilen çykyşlar hem aýratyn ýatdagalyjylygy bilen tapawutlanyp, ýokary derejede geçirilen medeni çärelere aýratyn öwüşgin çaýdy.
«THE ASHGABAT TIMES».