foto 3 1 scaled THE ASHGABAT TIMES

FAO-nyň «Bitewi saglyk» sebitleýin taslamanyň çäginde «Brusellýoz» boýunça okuw maslahaty geçirilýär

20.10.2025

2025-nji ýylyň 20–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda Brusellýoz keseliniň öňüni alyş, anyklaýyş we gözegçilik meselelerine bagyşlanan okuw maslahaty geçirilýär. Bu okuw maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan GCP/SEC/027/PAF — “Merkezi Aziýada pandemiýalara taýýarlyk we jogap çäreleri «Bitewi saglyk» ýörelgesine esaslanyp” atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde guraldy.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem weterinariýa hem-de saglygy goraýyş gulluklarynyň hünärmenleri gatnaşýarlar. Bu okuw maslahaty, Türkmenistanda “Bitewi saglyk” konsepsiýasynyň ruhuna laýyklykda, adam we haýwan saglygynyň üpjün edilmeginde utgaşykly çemeleşmäniň berk ýola goýlandygyny görkezýär.

foto 2 3 THE ASHGABAT TIMES

Okuw maslahaty FAO-nyň brusellýoz boýunça halkara derejesindäki ýöriteleşen bilermenleri — Svetlana Bardenşteýn we Nadaw Galon tarapyndan geçirilýär. Olar dünýäniň dürli sebitlerinde epizootik gözegçilik, anyklaýyş we ýokanç keselleriň öňüni alyş boýunça köpýyllyk tejribä eýedirler.

Türkmen tarapyndan çykyş eden milli bilermeni Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy, Arslan Soltanmyradow çykyşynda ýurdumyzda mallaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn döwlet syýasaty, brusellýoz keseliniň öňüni alyş, gözegçilik we seljeriş çäreleri hem-de Weterinariýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin çykyş etdi.

foto na statyu 4 THE ASHGABAT TIMES

Arslan Soltanmyradow öz çykyşynda döwletimiz tarapyndan bu ugra gönükdirilýän yzygiderli goldawy, weterinar barlaghanalarynyň kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, epizootik gözegçiligiň yzygiderli amala aşyrylmagyna we weterinar hünärmenleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilýändigini belledi.

FAO-nyň halkara bilermenleri Svetlana Bardenshteýn we Nadaw Galon bolsa brusellýozyň dünýäde we sebitde ýüze çykýan ýagdaýlary, keseliň anyklanyşy, öňüni alyş, öňüni alyş sanjym işleri, irki anyklama we jogap çäreleri boýunça häzirki zaman tejribeleri barada giňişleýin maglumat berdiler.

Bu okuw maslahatynyň geçirilmegi FAO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, weterinariýa ulgamynyň kämilleşdirilmegine, zoonoz keselleriň öňüni alyş hem-de epizootik gözegçiligiň netijeliliginiň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle hem bu okuw maslahaty Hormatly Prezidentimiziň Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny we ilatyň saglygyny üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmäge hyzmat edýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
sanly bilim THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bilim – ähli döwürleriň baýlygy

med azer THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Medeniýet günleri geçirildi

Soňkylar Habar

GitTop