333 THE ASHGABAT TIMES

MILLI TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

21.10.2025

Halkymyzyň edebi mirasyny öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, edebi döredijiligine siňen terbiýeçilik mekdebi «Kowusnamada», «Gorkut ata», «Oguznama», «Görogly» ýaly şadessanlarda, şeýle hem halk döredijiliginde doly beýan edilýär. Akyldar Magtymgulynyň, Döwletmämmet Azadynyň, şeýle hem beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasynda terbiýeçilik baradaky pikirler öň hatarda goýulýar. «Görogly» şadessanynda pähimdar Jygalybeg özüniň toplan durmuş, terbiýeçilik tejribesini, akyl-paýhasyny dürli ýagdaýlaryň, usullaryň üsti bilen agtygy Görogla geçirýär. Paýhasly Oguz handan, Gorkut atadan, pähimdar Jygalybegden, Göroglydan gözbaş alýan türkmen milli terbiýeçilik mekdebi wagtyň geçmegi bilen barha kämilleşip, döwrebaplaşyp, çeper edebiýatda öz giňişleýin beýanyny tapýar. Terbiýeçilik tejribesiniň gymmatly hazynasynyň köp bölegi dilden-dile geçip, biziň günlerimize gymmatyny birjik-de ýitirmän gelen halk döredijiliginde jemlenendir.
Nakyllar, dana sözler, rowaýatlar, tymsallar nesilleriň durmuş paýhasynyň çäjiniň içinden elenip alnan tylla dänejiklerdir, olarda yrýa söz ýok. Ata-babalarymyzyň bu gymmatly mirasy bahasyna ýetip bolmajak gollanmalardyr. Rowaýatlardaky, tymsallardaky, nakyllardaky durmuş tejribelerini jaýdar, ýerlikli ulanylmagynyň halkyň aňyna, ýaşlaryň terbiýeçilik işine edýän täsiri islendik döwürde hem netijeli häsiýete eýe bolýar, terbiýeçilik işinde deňsiz-taýsyz öwüt-nesihat guralyna öwrülýär. Adamzat durmuşynda gabat gelýän dürli ýagdaýlardan, meselelerden söhbet açýan rowaýatlardaky wakalaryň köpüsi iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp, yzygiderli taraşlanyp, diýseň çuň manylary özünde jemleýär. Olardaky düşünjeleriň, pikirleriň aglabasynda ynsan gatnaşyklary, halallyk, dogruçyllyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetler ilkinji orunda durýar. Belent adamkärçiligi öwüt edýän rowaýatlaryň, tymsallaryň düýp manysy, esasan, milli ýörelgä esaslanýan terbiýe mekdebini kemala getirmek bolup durýar.
Ýüzýyllyklaryň synagyndan geçip, kämilleşip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýan milli däp-dessurlarymyzdaky asyllylyk, hoşniýetlilik, agzybirlik ýaly ýörelgeler ýaşlaryň durmuşyna özboluşly şugla saçýar. Halallyk, edep-terbiýelilik baradaky paýhas ummanyny emele getirýän rowaýatlardyr tymsallar, nakyllar her bir ynsan üçin nusgalyk mekdepdir.

Eziz SAPAROW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halk maslahatynyn diwany 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Döwletli çözgütler abadan durmuşyň binýadydyr

xiu0dv39bra716bteryfjkgjn26wiu 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gahryman Arkadagymyz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna ak pata berdi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop