Ak ertirlerimiziň röwşenligi şu günki ýaş nesiller hakyndaky aladalardan wysal tapýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli döwrebap mümkinçilikler durmuşa geçirilýär. Şu ýylda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynynyň» kabul edilmegi bilen, iň gowy dünýä tejribesinden we bilim ulgamynyň milli aýratynlyklaryndan ugur alýan bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi.
Milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Şoňa görä-de, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basýan körpelerimize ýadygärlik sowgat hökmünde «Bilimli» atly kompýuterleriň gowşurylmagy, eziz Diýarymyzyň obadyr şäherlerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.
Ýaşlar eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Çünki taryhyň beýik işler bilen ýazylýandygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýar. Nesip bolsa, bu günki ýaşlar kämil bilimi ele alyp, eziz Watanymyzyň ösüşli ýollaryny nazarlaýan maksatnamalara öz taslamalary bilen gatnaşmaga ukyply, ylymly adamlar bolup ýetişer.
Allamyrat KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiñ institutynyñ mugallymy.