Dark
Light
26.01.2026
konsti THE ASHGABAT TIMES

Esasy Kanun: halkylyk, demokratiýa we işjeňlik

21.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Esasy Kanunymyza halkymyz çäksiz buýsanýar we uly hormat goýýar. Konstitusiýamyz iň ýokary hukuk güýjüne eýe bolup, ol halkara we ýerli hukuk tejribesinde ençeme onýyllyklaryň dowamynda emele gelen häzirki döwrüň konstitusion esasyny we meýillerini özünde jemleýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzyň her bir raýaty üçin düşnüklidir we ýürege ýakyndyr. Pederlerimiziň ruhy mirasymyz baradaky pikirleri hem-de nesillerine wesýet eden Watany söýmek, oňa wepaly gulluk etmek, ynam, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly asylly ýörelgeleri ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň özenini düzýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy hukuk we jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmegiň binýady bolup çykyş edýär, raýat jemgyýetiniň kemala getirilmegine we ösdürilmegine mümkinçilik döredýär.

Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasy ugurlary özünde jemlemek bilen, ol döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi nazara alnyp, baýlaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde bu resminama düýpli mazmuny, Adam hukuklary baradaky ählumumy Jarnamanyň, raýatlyk we syýasy hukuklar, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar baradaky halkara resminamalaryň esasy ýörelgelerini hem-de ugurlaryny özünde jemleýär. Kabul edilýän uzak möhletleýin maksatnamalar bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysadyýetini barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Esasy Kanuny döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini hukuk taýdan kepillendirmegi, ösen döwleti döretmegi, raýat jemgyýetini gurmagy, ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmegi üpjün etmegi ileri tutýar we bu babatdaky köpugurly tagallalaryň pugta hukuk binýadyny düzýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe nukdaýnazardan esaslandyrylan taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Bu taglymat kämil, döwrebap hukuk binýadyna esaslanýar.

Timur ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

images 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Özgerişleriň sanly ösüşi

bilim 2024 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop