Halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagy üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesine has oýlanyşykly, jogapkärli çemeleşmek möhümdir. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, ilkinji nobatda, köp babatda ýaşaýjylara, zähmetsöýer raýatlarymyza baglydyr.
Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň daş-töweregi hemişe arassa saklanylyp, hapa zir-zibiller öz wagtynda çäkden çykarylmalydyr. Ýaşaýyş jaýlaryň, ulaghanalaryň çäklerindäki geçelgeleri, girelgeleri, howlynyň içini, binalaryňdyr desgalaryň araçäklerini, jaýlaryň daşarky halas ediş basgançaklaryny, ýangyna garşy suw howuzlaryna barylýan ýollary dürli zatlar bilen baglamak bolmaýar. Geçmäge päsgelçilik döretmek, ýerli häkimlikleriň rugsady bolmazdan, gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek, howlynyň we gurluşyklaryň töwereklerinde ot ýakmak hem-de közli külleri dökmek gadagan edilýär.
Gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlar ýüze çykarylanda, gaz enjamlaryny ulanmak, ýanyp duran gaz enjamynyň töwereginde eşikleri we beýleki ýanyp biljek zatlary guratmak hem-de çagalara ot bilen baglanyşykly ýumuşlary buýurmak howpludyr. Ýangynyň islendik görnüşi ýüze çykanda ýa-da tüssäniň ysy duýlanda, telefon arkaly 01, öýjükli telefon arkaly 001 belgä habar bermeli. Öz güýjüňiz bilen ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleriniň ýa-da suwuň, çägäniň, gumuň, keçäniň, syk dokalan matanyň kömegi bilen ýüze çykan ýangyny söndürmäge synanyşmaly. Ýüze çykan ýangyny söndürmek başartmasa, gapyny gulplaman, berk ýapyp öýden çykmaly. Elektrik toguny we gaz akdyryjysyny öçürmeli.
Ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyr. Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap bolalyň!
Serdar HYDYROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Ýangyn-tehniki fakultetiniň Ýangynyň öňüni alyş kafedrasynyň mugallymy, içerki gullugyň leýtenanty.