garassyz asgabat THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – pederlerimiziň arzuwy

26.09.2025

Her bir halkyň taryhynda aýratyn ähmiýetli döwürler bolýar. Olar millet üçin diňe bir täze eýýamyň başlangyjy bolman, eýsem, onuň geljegini, ykbalyny hem kesgitleýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň ykbal kesgitleýji iň möhüm, iň bagtly sahypalarynyň biri hem mukaddes Garaşsyzlygyň gazanylmagydyr.

Garaşsyzlyk — bu diňe bir syýasy özbaşdaklyk däldir, ol halkyň öz ykbalyny özüniň kesgitlemegine, öz milli ýörelgelerine, däp-dessurlaryna we ruhy baýlygyna sözüň doly manysynda eýe çykmagyna-da dörän uly mümkinçilikdir. Mukaddes Garaşsyzlyk ýaş nesiller üçin hem bagtyň gapysyny giňden açdy. Olara okamaga, öwrenmäge, şol sanda dünýäniň ösen ýurtlarynda-da döwrebap bilim almaga, zehin-başarnyklaryny doly açyp görkezmeklerine, Watanymyzy gülledip ösdürmäge öz goşantlaryny goşmagyna örän uly mümkinçilikler döredi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň giňelmegi ýaşlaryň halkara bäsleşiklere, olimpiadalara gatnaşmagyna, dünýä derejesinde öz başarnygyny görkezmegine mümkinçilik açdy. Informatika, matematika, fizika ýaly ugurlarda ýaşlaryň halkara derejede gazanýan üstünlikleri Garaşsyzlygyň miwesidir. Şeýle hem sport ýaryşlarynda, sungat, döredijilik festiwallarynda türkmen ýaşlarynyň gazanýan ýeňişleri Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has artdyrýar.

Halkymyz üçin Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty örän uly. Ol ýürekdäki ylham çeşmesi, döredijilige, zähmete, ösüşe ugrukdyrýan güýçdür. Hut şonuň üçin hem bagtyýar ildeşlerimiziň ýüreginde eziz Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan buýsanç duýgusy belentdir. Garaşsyzlygyň şuglasy halkymyzy döredijilikli ýaşaýşa, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döwletliligimiziň goşa ganaty bolan Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkidip, ata Watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Şirmuhammet MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
these are the official mascot of the 2026 world cup v0 ku2y7fg64crf1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

FIFA 2026 Dünýä Kubogy üçin üç maskotyny hödürledi — Kanada, Meksika we ABŞ üçin aýratyn nyşanlar

e1cbe3dc770641a45351b0f40c665b03 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda 142 daşary ýurt raýatyna ýaşamak üçin resmi ygtyýarnama berildi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop