garassyz kollazh THE ASHGABAT TIMES

Döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

27.09.2025

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berip, bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar.

Garaşsyzlyk döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr. Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilimde, oba hojalygynda, söwdada, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys. Günsaýyn gözelleşip, ak mermere beslenýän Aşgabadyň, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň we beýleki şäherlerdir obalaryň nurana keşbini synlan her bir adam Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyzyň bir supranyň başyna jem bolup, bir döwlete gulluk edende beýik işleri amala aşyrmaga ukyplydygyna aýdyň göz ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip, bu senä ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, şöhratly Garaşsyzlygymyz ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen has-da baýlaşýar.

Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly. Her bir günümiziň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregimizi has-da joşduryp, ruhumyzy galkyndyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Gözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
kyyrejybvq6j40wgd8le9hlucmahukwvps8gtzar1ymakkfl94ukjhlpemcy 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň halkara binýady

yol hereketi jem THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýollarymyz asuda – ilimiz abadan

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop