sanly ulgam s THE ASHGABAT TIMES

Sanly ykdysadyýet – döwrüň talaby

22.10.2025

Häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler oňyn netijeleri berýär. Ýakynda, has takygy, 8-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň tassyklanylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak işini dowam etdirmek, elektron hökümet ulgamyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanylan täze resminamalar öňde goýlan maksatlara ýetmekde möhüm esas bolar.

Ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidir. Şundan ugur alyp, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» esasy maksady hem sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Konsepsiýada halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim we ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek göz öňünde tutulýar.

Ähli ugurlarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halk hojalygynyň pudaklaryna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bular bolsa, öz gezeginde, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berip, durnukly ykdysady ösüşiň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Umyt AÝDOGDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
yangyn barada THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýangyn howpsuzlygyny berjaý edeliň!

parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak – umumadamzat gymmatlygy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop