2413 tm alabay 12 2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen Alabaýynyň wepalylygy we mertligi

21.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her bir gün toýlara, baýramlara beslenýär. Şol baýramlaryň arasynda aýratyn orun eýeleýän wakalaryň biri hem — her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramydyr.

Bu baýramçylyk diňe bir it tohumynyň hormatyna däl, eýsem türkmen halkynyň milli mirasynyň, taryhyň, hem-de tebigat bilen ynsanyň arasyndaky asyrlarboýy wepaly gatnaşygyň dabarasydyr. Türkmen alabaýy dünýäniň iň gadymy we iň tanalan it tohumlarynyň biridir. Ene topragymyzda tapylan arheologik subutnamalar we sungat eserleri bu merdana haýwanyň halkymyzyň durmuşyndaky ornuny aýdyň görkezýär.

Çarwadarçylyk medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan alabaý, çopanlaryň iň ynamdar ýoldaşy bolup, sürüleri möjeklerden gorapdyr. Ol diňe bir goragçy däl — eýesiniň syrdaşy, öýüň goraýjysy, maşgala agzasy hökmünde görülýär. Alabaýyň agraslygy, saldamlylygy, sabyrlylygy we gaýduwsyzlygy türkmen halkynyň mert häsiýetleriniň janly nusgasydyr

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda dürli çäreler geçirilýär:- «Ýylyň Türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşi, alabaýlaryň eksterýerine, beden gurluşyna, çalasynlygyna we tohum arassalygyna baha berilýän sergiler, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we şahyrlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, alabaýyň taryhyna we itşynaslyga bagyşlanan ylmy maslahatlar, ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglar gowşurylýar, bu hem baýramyň döwlet derejesindäki ähmiýetini görkezýär.

Ogulsona KULYÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bmg b THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze Kararnama – parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň netijesi

chitaet knigi 918x516 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kitap okamagyň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop