Dark
Light
25.01.2026
terbiye edep masgala THE ASHGABAT TIMES

Milli ýörelge – nusgalyk görelde

23.10.2025

Güneşli ýurdumyzda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmek, maşgala däplerini mynasyp dowam etdirmek, kämil bilimli we edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmek ýaly derwaýys meseleler elmydama üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan milli terbiýäniň taryhy köklerini öwrenmäge, terbiýeçilik işindäki däplerimizi bir ýere jemlemäge we döwrümiziň talaplaryna laýyk ösdürmäge giň ýol açyldy.

Ynsany bezeýän ajaýyp häsiýetleriň biri onuň edebidir. Ata-ene perzentlerini terbiýeli, süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer, ar-namysly edip ýetişdirmek üçin uly alada edýär. Pederlerimiziň watansöýüjilik ruhy, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgeleri we nesihatlary, zähmete bolan ukyplary we däp-dessurlary, asylly we kämil milli häsiýetleri bu günki günde ýaşlarymyz üçin uly mekdep hasaplanýar. Milli ýörelgelerimiziň özeninde bolsa ene dilimize, edebiýatymyza, nesil terbiýesine bolan garaýyşlarymyz bardyr.

Terbiýe — bu adamyň öz ýaşaýan jemgyýetiniň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, özüňi alyp baryş kadalaryny hem-de medeniýetini özleşdirmäge gönükdirilen ösüşidir. Şol ösüşiň ilkinji basgançagy bolsa maşgalada gurulýar, çagany terbiýelemekde maşgala esasy düzümleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň ähli zatda maşgala däplerine eýerýändikleri, ata-enelerinden görelde almak bilen, olara meňzejek bolýandyklary maşgalanyň jemgyýetiň ösüşindäki möhüm ornuny kesgitleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir maşgalanyň bagtyýarlygy, nesilleriň ösen jemgyýetimiziň dürli ugurlarynda işlemegi, saýlan hünärlerini kämil ele almagy üçin dyngysyz alada edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys» diýip, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn sarpasyny beýan edýär. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny gorap, geljekki nesillerimize miras goýmakda özüniň örän baý iş we durmuş tejribesini, çuňňur ylmyny, giň gözýetimini, zehinini gaýgyrman, ýadawsyz zähmetini, başarnygyny agzybir halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Jemile PIRJIKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

alabay 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gerçeksiň sen, alabaýym!

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty – Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop