23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Şol döwürden bäri bu sene BMG-niň döredilen güni hökmünde bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen döredilen halkara guramadyr. Guramanyň Tertipnamasynda bellenilen maksatlar, esasan, adamzada howp salýan wehimleriň öňüni almakdan we oňa garşy göreşde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekden, ýüze çykýan dawa-jenjelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekden, halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary has-da berkitmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda BMG-niň düzümine 193 döwlet girýär. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan wagtyndan bäri bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň işjeň agzasydyr. Häzirki wagtda BMG-niň esasy edaralaryna Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Geňeş, Halkara Kazyýet, Sekretariat degişlidir. Şeýle-de guramanyň ýöriteleşdirilen edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Halkara pul gaznasy we başgalar girýär.
Türkmenistan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet boldy. Häzirki wagtda bu sene Halkara Bitaraplyk güni hökmünde halkara derejede giňden bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygy esasynda ýurdumyzyň bu iri halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy strategik derejede yzygiderli ösdürilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň yzygiderli ösüşi bu derejämiziň BMG-niň esas goýujy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut etdi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda bular barada giňişleýin durup geçdiler.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär. Çykyş edenler bu şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Bägül DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.