italiya THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan – Italiýa: dostluk, ynanyşmak, netijelilik

25.10.2025

Dünýäniň döwletleri, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy hem bar. Döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda ilkinji resmi sapary amala aşyrmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda ilkinji resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy» atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende bellesek, Italiýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen berkidildi.

Netijeli syýasy gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda, 2015-nji ýylyň maý aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi we iş saparlary hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza amala aşyran iş sapary möhüm wakalar bolup durýar. Şeýle hem 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna sapary amala aşyryldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler şu ýylyň maý aýynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitiniň çäklerinde hem dowam etdi.

Iki ýurduň arasynda parlamentleriň, hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça-da netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ählisini goldady hem-de olaryň 10-syna döredijileriň biri bolup çykyş etdi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Italiýanyň başyny başlan durnukly ösüş babatda halkara taslamalaryny we meýilnamalaryny goldaýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler.

Maksat AÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bmg guni THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hoşniýetli gatnaşyklaryň belent nusgasy

alabayyy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmen alabaýy – müňýyllyklaryň mirasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop