Dark
Light
25.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty – Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

24.10.2025

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň mizemez ýörelgesine öwrülen bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryhy taýdan uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzyň döreden «oňyn Bitaraplyk» nusgasy halkara giňişlikde giňden ykrar edilip, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdi bilen ykrar edildi. Bu taryhy Kararnama üçin BMG-ä agza 185 döwletiň biragyzdan ses bermegi bilen, türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen şanly waka hökmünde belleilýär.

Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasatynda parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak ýaly ynsanperwer we demokratik ýörelgelere esaslanýar. Bu ýörelgeler esasynda Türkmenistan maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap hem-de netijeli diplomatiýa alyp barýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Bu başlangyçlar halkara derejesinde giň goldawa eýe bolup, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat döredýär.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti has-da artýar. Düzümine 20-den gowrak döwlet girýän “Bitaraplygyň dostlary” toparynyň işi munuň aýdyň mysalydyr. Bu toparyň çäklerinde geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmäge we ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ata-babalarymyzyň parasatly mirasyny şöhlelendirýär. Bu hukuk derejesi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş maksatlaryny sazlaşykly utgaşdyrýar. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk üçin çekýän irginsiz zähmeti aýratyn orun eýeleýär.

Döwlet derejesinde amala aşyrylýan aladalar halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Ildeşlerimiz röwşen geljegine ynamly garaýar, parahat, bolelin, abadan durmuşda ýaşaýar. Täze taryhy döwürde ykdysadyýetimiziň kuwwaty artýar, ösüş depginleri ýokarlanýar. Bu üstünlikler halkymyzyň ynamy bilen berkarar döwletimiziň esaslaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň miwesidir.

Ömrüni halka gulluk etmäge bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Bu syýasat diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin dünýä halklarynyň abadan, rowaç durmuşyna gönükdirilendir.

Goý, parasatly taglymatlary bilen halkymyzy aýdyň geljege alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!

Aýsona HOJALYÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

terbiye edep masgala THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Milli ýörelge – nusgalyk görelde

futbol s THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TFF-da iň çalt gol hasaba alyndy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop