Dark
Light
25.01.2026
guterris THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

24.10.2025

TDH-da habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen segsen ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň birleşdirilýän möhüm merkezine öwrüldi. Gurama tarapyndan kabul edilen möhüm resminamalar we durmuşa geçirilen başlangyçlar häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň pugta binýadyny düzýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda nygtalýar.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi, şeýle hem BMG-niň Sekretariatynyň ähli agzybir işgärlerine mähirli gutlaglaryny we täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

«THE ASHGABAT TIMES».

Leave a Reply

Your email address will not be published.

futbol s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TFF-da iň çalt gol hasaba alyndy

hgi bmg THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop