alabayyy THE ASHGABAT TIMES

Türkmen alabaýy – müňýyllyklaryň mirasy

25.10.2025

Türkmen alabaýy halkymyzyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini, garaýyşlaryny baýlaşdyryp, halk medeniýetiniň wajyp ugruny emele getirýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýäde tanatmak, şol sanda alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi bolsa çuňňur many-mazmuna eýedir.

Taryhy çeşmelerde beýan edilişine görä, ýurdumyzyň gadymy oturymly mekanlarynda alabaýlaryň mesgen tutan ýerleri duş gelýär. Kinolog hünärmenler alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler. Arheologlar Ahal welaýatynyň çägindäki gadymy Jeýtunda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda ýaşap geçen alabaýyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Şeýle hem Altyndepeden, Goňurdepeden, Daňdanakandan tapylan tapyndylar, Gäwürgala, Paryzdepe, Änew, Şähryslam, Pessejikdepe ýadygärliklerinde ýüze çykarylan alabaýlaryň şekilleri, heýkeljikleri bolsa halkara ylmy jemgyýetçilikde, aýratyn-da, itşynaslyk ylmynda uly açyşdyr. Munuň özi türkmen topragynda it bilen ynsanyň arasyndaky ysnyşygyň — wepadarlygyň we dostlugyň ir döwürde ýola goýlandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Geçmişde halkymyzyň durmuşynda alabaýlaryň eýelän ähmiýetli orny Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda anyk wakalar, taryhy hakydalar arkaly giňişleýin gürrüň berilýär. Alabaýlaryň gelip çykyşy, ösüşi baradaky maglumatlar, degişli seljerme makalalary, alymlaryň ylmy gözlegleriniň netijeleri bolsa türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň sahypalarynda halk köpçüligine ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2020-nji ýylda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we soňra onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, dürli ýurtlaryň wekilleriniň onuň agzalygyna kabul edilmegi halkara jemgyýetçilikde uly kanagatlanma döretdi. Şeýle hem Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly gymmatly kitabynyň we adybir goşgusynyň halkymyza gowuşmagy, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» ýaly hormatly atlaryň, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly medalyň döredilmegi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinologiýa hünäriniň açylmagy milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Görnüşi ýaly, ýokarda agzalanlar milli gymatlyklarymyzyň bütin dünýäde sarpalanýandygynyň, türkmen alabaýynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň, şeýlelikde, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilýändiginiň aýdyň alamatydyr. Çünki «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum», «It ýyly ekin ekseň, berekedi aýry bolar» diýen ýaly pähimlerdir aýtgylar halkymyzda gadymdan bäri ýörgünlidir. Pederlerimiziň şeýle asylly ýörelgeleri täze taryhy döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär.

Selbi BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
italiya THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Italiýa: dostluk, ynanyşmak, netijelilik

rim imperiyasy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Rim imperiýasynyň sallançagy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop