dc26c334a6f48721556747156468d6e3 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen Alabaýy – Milli buýsanjymyz

22.10.2025

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa has-da belende galdy. Şol gymmatlyklaryň arasynda türkmen halkynyň adyny dünýäde şöhratlandyrýan, watançylygyň, wepalylygyň hem-de mertligiň nyşanyna öwrülen türkmen alabaýy aýratyn orun eýeleýär. Gadymy taryhyň sahypalaryndan gözbaş alýan bu tohum häzirki wagtda dünýäniň iň meşhur we ýokary baha berilýän it tohumlarynyň biri hökmünde ykrar edilýär.

Türkmen alabaýy diňe bir haýbatly görnüşi bilen däl, eýsem, onuň çydamlylygy, asudalygy, batyrgaýlygy we gaýduwsyzlygy bilen hem tapawutlanýar. Ol diňe bir öýüň ýa-da mal-garanyň goragçysy däl, eýsem, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi, nesilleriň arasynda dowam edýän dostlugyň we ynamyň janly nusgasydyr. Pederlerimiziň rowaýatlarynda hem alabaýyň wepalylygy, akyl-paýhasy, ynsan bilen bolan ruhy baglanyşygy giňden beýan edilýär.

Berkarar döwletimiziň ýolbaşçylygynda alabaý tohumynyň arassalygyny saklamak, onuň seçgilikli ösdürilmegini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň döredilmegi, welaýatlarda we paýtagtymyz Aşgabatda ýörite tohumçylyk merkezleriniň açylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alabaýyň heýkelleriniň gurulmagy, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň gününiň dabaraly bellenilmegi bu milli gymmatlygymyza goýulýan belent hormatyň nyşanydyr.

Bu beýik başlangyçlaryň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we onuň asylly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmen alabaýy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem giňden tanalýar. Nesilden-nesle geçýän däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, gorap saklamaga we dünýä ýaýmaga döredilýän giň mümkinçilikler halkymyzyň medeni mirasyna bolan çäksiz hormatyň beýanydyr.

Goý, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen alabaýynyň şöhraty dünýä dolsun! Döwletimiziň ösüş ýolunda alyp barýan beýik işleri bilen milli gymmatlyklarymyzyň dünýäde tanalmagyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

Aýsona HOJALYÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
jawxzxyx2i8ydzep4xtwschgw0piwn 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň wekiliýeti sebitara baglanyşygy pugtalandyrmak boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy

sanly ulgam b THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Özgerişleriň sanly ösüşi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop