Italiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistan bilen hyzmatdaş döwletleriň biridir. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasynda resmi saparda bolmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen halky ýaly, italýan halky hem gadymy taryhly halk. Italiýa gadymy dünýä taryhynda möhüm orun eýelän Rim imperiýasynyň sallançagydyr. Orta asyrlarda Italiýada Wenesiýa, Genuýa, Florensiýa ýaly şäher-döwletleri bolupdyr. Italiýa — Mikelanželo, Leonardo da Winçi, Rafael, Jotto, Karpaçço, Tisian ýaly meşhur nakgaşlary, Jordano Bruno, Galileo Galileý ýaly alymlary, Dante ýaly şahyrlary dünýä beren ýurt.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmenler bilen italýanlaryň arasyndaky gatnaşyklar taryhyň jümmüşine uzap gidýär. XIII asyrda ýaşan Marko Polo türkmen topragynda dünýäde iň nepis halylaryň dokalýandygyny belläpdir. XIV asyr italýan suratkeşleri Lippo Memminiň we Nikolo Buonakorsonyň eserlerinde ajaýyp türkmen halylary şekillendirilipdir. Gaýtadan döreýiş (Wozroždeniýe) döwrüniň nemes, flamandiýaly, italýan suratkeşleriniň eýýäm şol döwürlerde ýewropaly begzadalaryň öýlerini bezän türkmen halylary bilen tanyşdygy barada hem maglumatlar bar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň azyk, dokma we beýleki pudaklarynda Italiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Iki döwletiň gatnaşyklary medeni-gumanitar ulgamda hem işjeň dowam etdirilýär. 2006-njy ýylda türkmen alymlary Italiýada, Watikanda bolup, türkmen halkynyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly golýazmalaryň ençemesiniň nusgasyny ata Watanymyza getirdiler.
Umuman, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Ykdysady hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn depginli ösüşi bilen tapawutlanýar. Italýan kompaniýalary öz tejribelerini hem-de ýokary tehnologiýalary ulanyp, ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky iri taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary önümçilik standartlaryny ornaşdyrmak meselelerinde Italiýa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar.
Güljemal ALLAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.