Her bir güni beýik işler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler hem barha rowaçlanýar. Çünki ilatyň saglygyny, abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu hakykat ýakynda, has takygy, 10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň mysalynda-da aýdyň açylýar.
Halkymyzyň saglygynyň goragynda duran türkmen lukmanlarynyň hünär baýramy mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde saglygy goraýyş desgalarynyň düýbüni tutmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze saglyk merkezlerini ulanmaga bermek dabaralary ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrdy. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiň nobatdaky jildinde şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilse, «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitapda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginden bäri geçen 30 ýylyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda gazanylan üstünliklerden söz açylýar.
Lukman Arkadagymyz täze kitabynda: «Saglygyň höküm sürýän ýerinde geljege ynam hem güýçlüdir. Çünki saglyk geljegi gurmakda iň esasy sütündir» diýip belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän ýurdumyzda amala aşyrylýan «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň binýadynda hem, ilkinji nobatda, raýatlarymyz, olaryň bagtyýar geljegi hakyndaky aladalar durandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Diýarymyzyň çar künjeginde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri, köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri yzygiderli gurlup ulanmaga berildi.
Köpetdagyň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheri hem jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ylmyň soňky gazananlarynyň, bu ulgama öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrmagyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şäherde 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. Bu günki gün beýik ösüşlerimiziň nyşany bolan Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Halkymyzyň saglygyny goramak, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek babatda döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Maýsa MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň patologik anatomiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.