Gadymy pähimleri dünýä beren millet hökmünde halkymyz «Goňşyň rahat bolsa, günüň parahat», «Bagtyňy paýlaş, artar!» diýen paýhasy umumadamzat bähbitlerini aramak bilen durmuşa geçirýär. Bu paýhas türkmen Bitaraplygynyň hem özenini düzýär. Bitaraplyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna, bagtly gelejege gönezlik boljak her bir günleň öýdümine deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşany.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzalygyna saýlanmak bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça bu gurama bilen netijeli hyzmatdaşdyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri Türkmenistan sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär. Şunda 2007-nji ýylda sebitiň ähli döwletleriniň goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi aýratyn bellärliklidir.
Bitaraplygyň türkmen nusgasy hakda durup geçmek bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilendigini buýsançly nygtamalydyrys. 2017-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe belende göterdi.
Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir» diýip belleýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlarynyňdyr halklarynyň parahatçylykly, özara ynanyşykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge, bar bolan meseleleri parahatçylykly ýollar arkaly bilelikde çözmäge, geljek nesiller üçin abadan geljegi gurmaga, dialog medeniýetini ilerletmäge gönükdirilendir. Goý, Bitaraplygyň türkmen nusgasyny bütin dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Agamyrat NEMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Içerki goşunlar fakultetiniň Taktiki we terbiýeçilik taýýarlygy kafedrasynyň müdiri, polisiýanyň podpolkownigi.