Dark
Light
06.02.2026
THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk şöhratymyz – şanymyz

27.10.2025

Asyrlar boýy öz milli döwletini gurmagy arzuw eden türkmen halky häzirki döwrüň şanly pursatynda özbaşdak, hemişelik Bitarap döwletiniň eýesi boldy. Halkymyzyň mukaddes watanynyň geljegi üçin hormatly Prezidentimiziň öňünde berk jebisleşip halal zähmet çekmegi milli mertebämiziň we watansöýüjilik borjumyzdyry.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent öwrülişlik eserler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlar — biziň gelejegimizdir” diýen sözleri ýaşlarymyzyň üstünijoş ruhlandyryp, olaryň bilim, hünär, ylym we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen maksatlaryň amala aşyrylmagyna sebäp bolýar. Döwlet ýaşlaryň hukuk binýatyny berkitmäge, olaryň milli-dynç alyş, sport we medeniýet zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga uly üns berýär.

Bitaraplyk Türkmenistana dünýäde parahatçylygy hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini wagyz etmäge giň ýol açdy. Bu ýörelge döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup, tutuş dünýäniň ynamyny gazanmakda we halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmakda esasy orun eýeleýär. Döwletimiziň halkara guramalar we ýurtlar bilen gatnaşygy diplomatik we ykdysady ugurlarda netijeli dowam etdirilýär.

Güneşli Diýarymyzda gurulýan täze desgalar, saglygy goraýyş we medeni dynç alyş merkezleri, sport toplumlary hem-de ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzda durmuş şertleriniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu işler ýurdumyzyň geljegi üçin ylym-bilimli, sagdyn we watançy nesilleri terbiýelemegiň esasy şertlerini döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyn halkara abraýyny artdyrýan üstünlikleriň dowam etmegine jan saglyk we rowaçlyk dileýäris.

Laçyn MUHAMMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bmg diploma THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

2 copy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BMGÖM BMG-niň 80 ýyllygyny belleýär we Lebap welaýatynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Soňkylar Makalalar

Okuw sapaklarynda dostluk terbiýesi

04.02.2026
Bilim ojaklary diňe bir ylym berilýän ýer bolman, eýsem, ýaş nesliň ahlak sypatlarynyň, şol sanda dostluk we doganlyk duýgularynyň kemala gelýän mukaddes mekanydyr. Sapak

Iňlis dilinde sözleýşi ösdürmegiň ýollary

03.02.2026
«Iňlis dilini nädip öwrenip bolarka? Hiç başyna baryp bilemok» ýa-da «Iňlis dilini öwrenmegiň ýeňiljek usuly ýokmuka? Haýsy kitaby okasam, nähili tertipde taýýarlyk görsem, iňlis

Aladamyz körpe nesil

02.02.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Sosial ulgamlarda trend: pingwin nirä barýar?

01.02.2026
Sosial ulgamlarda Antarktidanyň buzluklarynyň arasynda ýeke özi barýan pingwiniň şekillendirilen pursatlary giňden ýaýrady. Bu wideo meşhur nemes režissýory Werner Hersogyň surata düşüren «Dünýäniň gyrasyndaky
GitTop