Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her gün parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Halkyň hem-de döwletiň ykbalyna täsir edýän taryhy wakalar ýurdumyzy halkara giňişliginde tanadýar.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik däpleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasy halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat meseleleriniň çözgüdini tapmakda dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan BMG-niň deňhukukly agzalygyna kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky Rezolýusiýa iki gezek kabul edildi. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda bolsa bu Kararnama üçünji gezek tassyklanyldy. Bu taryhy seneler BMG-niň sahypalarynda möhüm orun eýeledi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň 78-nji sessiýasynda öňe süren başlangyçlary — parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatyndaky teklipleri aýratyn ähmiýete eýedir.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistan BMG, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen — Ösüş maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyk täze mazmuna eýe bolýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy bellenilýän şu taryhy ýylda, halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenýär. Türkmenistan halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» ýörelgeleri esasynda halkara gatnaşyklarynyň ösmegine mynasyp goşant goşýar.
Hemişelik Bitaraplygymyz sebitleýin parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde uzakmöhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynda netijeli gural hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna we birnäçe abraýly düzümleriniň agzalygyna saýlandy. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň oňyn netijesidir.
Türkmenistan parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň mekanydyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi bu taryhy wakanyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.
Ýazberdi GURBANÝAZOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby