matematika bas THE ASHGABAT TIMES

Matematika – gyzykly ylym

28.10.2025

Matematika durmuşymyzyň islendik ugrunda hasaplamalary amala aşyrmaga, ölçemäge mümkinçilik berýär. Her bir işiň talabalaýyk bolmagynda matematika ylmynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň matematika babatynda düşünjeli, bilimli bolmagy döwrüň talabydyr.

Ma­te­ma­ti­ka ylym­la­ryň aça­ry di­ýip ýö­ne ýer­den aý­dyl­ma­ýar. Ma­te­ma­ti­ka gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň her pur­sa­dyn­da ula­nyl­ýar. Ma­te­ma­ti­ka diý­seň gy­zyk­ly we ja­dy­ly ylym­la­ryň bi­ri­dir. Bu ders bo­ýun­ça sa­pak wag­tyn­da alan bi­lim­le­ri­ çuň­laş­dyr­mak­da, dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry­ gi­ňelt­mek­de, şeý­le-de ylym­da ga­za­ny­lan tä­ze­lik­ler bi­len ta­nyş­dyr­mak­da, der­sa­ra bag­la­ny­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da we hü­nä­re gö­nük­dir­mek­de synp­dan da­şa­ry iş­le­riň mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr.

Bu günki gün ylmyň, tehnikanyň güýçli depginde ösýän döwründe matematikany çuňňur öwrenmegiň zerurlygy has artdy. Bu bolsa matematika dersiniň çuňňur öwredilmegini talap edýär. Aslynda, takyk bilimler ýaşlaryň pikirleniş ukybyny ösdürýär. Şonuň üçin okuwçylarda matematika dersini öwrenmäge höwes döretmek zerur bolup durýar. Şu jähetden matematika dersinden synpdan daşary geçirilmeli işleri talabalaýyk guramak hem häzirki wagtda zerur meseleleriň biri bolup durýar.

Synpdan daşary işler okuwçylaryň sapakdan boş we olar üçin amatly wagtda geçirilýär. Oňa matematika dersi bilen gyzyklanýan okuwçylar gatnaşýarlar. Gurnakda sapakdan daşary giň möçberde maglumatlary öz içine alýan gyzykly meseleler çözülýär. Mundan başga-da, matematikada çalt hasaplamalar, logiki meseleler öwrenilýär. Matematika dersine okuwçylaryň höwesini artdyrmak üçin adaty däl sapakda gyzykly ýumuşlary, meseleleri, tapmaçalary çözdürmek hem netijeli bolup durýar.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary derejede ösmegi üçin ähli şertleri döredip, biz – mugallymlara döredijilikli işlemegiň aýdyň ýollaryny görkezýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Babanyýaz JORAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk –baky berkararlygyň binýady

tramp new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop