Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ykdysady ösüşiň täze basgançaklaryna çykýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, hususan-da telekeçilik ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, döwletiň kuwwatly ykdysady binýadyny kemala getirýär. Erkin bazar ykdysadyýetiniň esaslaryny berkarar etmekde telekeçilik möhüm orun eýeleýär. Döwlet tarapyndan telekeçilere döredilýän amatly şertler, ýeňillikli karzlar we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bu pudagyň ösmegine güýçli itergi berýär.
“Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde daşary ýurt maýadarlary bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Bilelikde kärhanalaryň döredilmegi, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetiň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrýar. Bu ugurda kabul edilen “Daşary ykdysady iş hakynda” hem-de “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda” kanunlar daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümler diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda işjeň synçy derejesine eýe bolmagy halkara ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we daşary ýurt maýadarlarynyň gyzyklanmasyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Mundan başga-da, türkmen telekeçileriniň halkara sergilere gatnaşmagy, olaryň önümleriniň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegi we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Bu üstünlikler Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygynyň berk binýadyny düzýär we halkymyzyň parahat, bagtyýar geljeginiň kepili bolup çykyş edýär.
Zekeriýa ETREKOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby