Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda dünýä dillerini öwrenmäge berilýän üns has-da artdyryldy. Daşary ýurt dillerini öwrenmek we öwretmek döwrüň möhüm talabyna öwrüldi. Çünki zamanamyzyň özgermegi, jemgyýetiň ösmegi giň düşünjeli, dost-doganlyk we daşary syýasat babatda bilimli nesilleriň kemala gelmegine şert döredýär. Şu nukdaýnazardan hem daşary ýurt dillerini, esasan hem, iňlis we rus dillerini öwrenmek milli bilim syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde ösdürilýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň ene dilini özleşdirmeklerini, sözleýşiniň ösüşiniň maksadalaýyklygyny gazanmak bilen birlikde daşary ýurt dilleri hem maksatnamalaýyn öwredilýär. Biziň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda iňlis dilini okatmagy kämilleşdirmek hem sazlaşykly alnyp barylýar. Biz terbiýeçilik işlerimiz bilen birlikde, daşary ýurt dilleri boýunça sapaklary integrirlenen usulda amala aşyryp, çagalaryň beýleki sapaklar bilen deň derejede temalary özleşdirmeklerini gazanýarys.

Ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda bu babatdaky işleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen guralýan «Diller ― dostluk köprüsi» atly çagalaryň arasyndaky bäsleşikler, pedagogik işgärleriň arasynda guralýan usuly işler, daşary ýurt dillerinde edilýän medeni çykyşlar we beýleki köpçülikleýin çäreler hem bellenilmäge mynasypdyr.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» ugur alyp, okatmagyň usulyýeti kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini hem bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, ähli okuw-terbiýeçilik işlerimizde döwrebap usullardan peýdalanýarys we iş tejribämize sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam edýäris. Sebäbi tehniki serişdelere esaslanýan sapaklary döwrebap bilimli nesilleri mekdebe taýýarlamaga itergi berýär.
Taryhy zamanamyzda döwrebap bilim-terbiýeçilik işlerini geçirmek, hünär babatda kämilleşmek we çagalary häzirki zaman ruhunda ýetişdirmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Läle KAKABAÝEWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, iňlis dili mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.