arkadag sahergg THE ASHGABAT TIMES

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

30.10.2025

Taryhyň ähli döwürlerinde gurýan, döredýän döwlet kuwwatly hasaplanylypdyr. Häzirki wagtda bu hakykata türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan we yzygiderli tagallasyndan kemal tapan Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin. Ýakynda Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy innowasion ösüşlerimiziň nobatdaky ykrarnamasy bolup, ählimiziň buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Ähli babatda nusgalyk Arkadag şäheri dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Bu «akylly» megataslama häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly şäherleriniň biri hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Muny «akylly» şäheriň häzirki wagta çenli halkara güwänamalaryň ençemesine mynasyp bolmagy hem aýdyň tassyklaýar. Şunda Arkadag şäherine halkara derejeli täze sylagyň gowşurylmagy hem onuň haýran galdyryjy üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Häzirki wagtda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň bu şähere ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda göz öňünde tutulýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşmagy, bu babatda gymmatly maslahatlaryny bermegi sebitde iň iri şähergurluşyk taslamasyny kämil derejede durmuşa geçirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu ýerde ilatyň bagtyýar ýaşaýşyny, döredijilikli zähmetini üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy täze şäheriň innowasion şähergurluşyk taslamasynyň milli nusgasy hökmünde dünýäde gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär.

Döwri beýik işler, milleti milli buýsanç beýgeldýär. Şu jähetden, Arkadag şäheri hem Milli Liderimiziň başlangyçlary hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen täze taryhy döwrümiziň beýik işlerine şan berip, milli buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Goý, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Sare ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:00 am, Dec 6, 2025
temperature icon 8°C
пасмурно
Humidity 66 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:08 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
parahatcylyk ak kepderi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylygyň belent ykrary

l4w2gtaj5rkfob8ky75kvrpporgweufpytptddgzmxxqtzgpvyitslluxqwd 1701953620 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty: halkara hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň binýady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop