l4w2gtaj5rkfob8ky75kvrpporgweufpytptddgzmxxqtzgpvyitslluxqwd 1701953620 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty: halkara hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň binýady

30.10.2025

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolan hemişelik Bitaraplyk, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýan we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm başlangyçdyr. Bu syýasatyň ähmiýeti, tutuş adamzadyň umumy ösüş maksatlaryna laýyklykda, häzirki zaman howplara bilelikde garşy durmakda we halkara gatnaşyklarynyň durnuklylygyny üpjün etmekde aýdyň ýüze çykýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly ýörite Rezolýusiýa bilen Türkmenistan resmi taýdan hemişelik bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. Bu çözgüt, halkara tejribesinde bitaraplyk derejesiniň täze görnüşiniň kemala gelendigini görkezýär. Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň hem-de onuň parahatçylykly başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýandygyny tassyklaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi sebitde durnuklylygy üpjün etmekde, geosyýasy we geoykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm faktor hökmünde çykyş edýär. Bu syýasat, ýurtlaryň arasynda ynanyşmaga esaslanýan gepleşikleriň ýola goýulmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýar we döwletimiziň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny has-da berkidýär. Bitaraplyk syýasaty, üçünji müňýyllygyň esasy maksatlary bolan parahatçylyk, ykdysady ösüş we halkara hyzmatdaşlyk bilen utgaşyp, dünýäde täze diplomatik çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary tapgyrlaýyn amala aşyrylýar we bu ugurda gazanylýan üstünlikler, iri halkara guramalarynyň, aýratyn-da BMG-nyň ýokary hormatyna mynasyp bolmak bilen, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Aşgabatda döredilmegi hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli dowamydygyny görkezýär.

Netijede, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty parahatçylygyň, ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup durýar. Bu syýasat üýtgewsiz galyp, dünýäde durnuklylygyň we ynanyşmagyň esaslaryny berkitmäge gönükdirilýär.

Zekeriýa ETREKOW
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
arkadag sahergg THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

kyyrejybvq6j40wgd8le9hlucmahukwvps8gtzar1ymakkfl94ukjhlpemcy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop