Dark
Light
24.01.2026
pmhwp6dgfruaddpqjm4c0qbvbqz9ctlzmdufajpeaeg6iew2bwkolmnv1ari THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar – Berkarar döwletiň beýik geljeginiň binýady

31.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar ýurdumyzyň ösüşiniň güýçli hereketlendirijisi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly geljeginiň berk binýady hökmünde çykyş edýärler. Olar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna daýanýan, döwletiň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirýän, döredijilikli we zähmetsöýer nesil bolup kemala gelýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanyna, arzuw-islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Çagalaryň bagtyýarlygy – döwletimiziň iň uly baýlygy, jemgyýetiň durnukly ösüşiniň kepili hökmünde kabul edilýär. Ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmek, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen taslamalary üstünlikli amala aşyrýar. Şeýle hem, ýurdumyzda hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesliň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.

Her ýylyň 1-nji iýunynda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda ýaşlara berilýän ünsüň we aladanyň aýdyň beýanydyr. Çagalaryň zehinlerini ýüze çykarmak, bilim, sport we döredijilik ugurlarynda üstünlik gazanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynda, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegi üçin döwrebap mümkinçilikler üpjün edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty, her bir ýaş raýata öz ukybyny doly açmaga, Watanyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga giň ýol açýar. Ýaşlaryň innowasion pikirlenmegi, sanly tehnologiýalara erk etmegi we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegi döwletimiziň ösüşiniň möhüm ugruna öwrüldi.

Häzirki wagtda ýaşlar ykdysadyýetde, ylymda, medeniýetde, sportda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Ýaş alymlar, hünärmenler, talyplar we döredijilik işgärleri öz zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Olar ata Watanymyzyň parahatlygyny, ösüşini we beýik maksatlaryny goramakda möhüm orny eýeleýärler.

Türkmen ýaşlary – geljegimiziň altyn miweleri. Olaryň başarjaňlygy, giň gözýetimi we Watana bolan çäksiz söýgüsi ýurdumyzy has-da gülläp ösýän, bagtyýar döwlete öwürýär. Goý, ýaş neslimiziň bilim almagy, terbiýelenmegi we ösüşi üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Melika ANNAMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

ekologiya dashky gurshaw envirenment of turkmenistan nature tebigat THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty: tebigaty goramagyň we geljegiň kepili

snimok ekrana 2024 11 30 064631 1733127963 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk –baky berkararlygyň binýady

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop