Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ” ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere beslenýän taryhy wakalaryň şaýady bolýar. Bu wakalar halkymyzyň hakydasynda öçmejek yz galdyryp, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasy barha artýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Rezolýusiýa kabul edildi. Şol gün Türkmenistanyň halkara hukuk taýdan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk ýurt bolandygy bilen taryha girdi. Şondan bäri her ýyl Halkara Bitaraplyk güni ýurdumyzda uly şatlyk bilen bellenilýär.
Bu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alanyna 30 ýyl doldy. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giň gerimli dabaralar, medeni çäreler, sergiler we maslahatlar geçirilýär. Bütin türkmen halky bu dabaralara ruhubelentlik bilen gatnaşyp, döwletimiziň parahatçylykly syýasatyny goldaýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär, gülläp ösüşe tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän bimöçber aladalary, bilim, döredijilik we innowasiýa mümkinçiliklerini giňeltmekde tutanýerli işleri ýaş nesliň ruhy taýdan kämil, Watana wepaly bolup ýetişmegini üpjün edýär.
Ýakyn wagtda toýlanjak hemişelik Bitaraplygyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Goý, bu baýramçylyk halkymyzyň agzybirligini, parahatçylygyny we ösüş ýolundaky üstünliklerini has-da dabaralandyrsyn. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Arkadagly Serdarymyza şöhrat!
Ogulgerek MUHAMMETMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby