Türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri häzirki döwürde döwletimiziň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Bu ýörelgeleriň dowam etdirilmegi netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkara derejesinde yzygiderli ýokary baha alýar. Halkymyzyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän deňhukuklylyk, özara düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.
2025-nji ýylda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny giňden belleýär. “Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr!” diýen sözler halkymyzyň ýürek owazyna öwrülip, bu şanly senäniň ähmiýetini has-da dabaralandyrýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň iň ynamdar hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Ak şäherimiz Aşgabat bolsa häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde halkara derejesinde tanalýar. Geçen 30 ýylyň tejribesi Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň netijeliligini doly subut edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlary bilen oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. Beýik özgertmeleriň giň ýoluna düşen ýurdumyzda halkyň bähbitlerine gönükdirilen çözgütler, zähmet we durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunlar, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bilim we saglyk ulgamlary halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi. Täze zawod-fabrikleriň, saglyk we medeni dynç alyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, obalaryň we şäherleriň gurulmagy bilen ýurdumyzyň ösüşi täze derejelere çykýar. Şeýle hem halkara maslahatlar, forumlar, sergiler yzygiderli geçirilip, Türkmenistanyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar.
Türkmen Bitaraplygy häzirki wagtda halkara derejesindäki özgertmeler bilen utgaşyp, täze ruhly ykdysady, syýasy we medeni ösüşleriň ýaýbaňlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistan geljege tarap aýgytly gadam urmak bilen, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny kämilleşdirmekde hem-de häzirki zamanyň möhüm meselelerine degişli umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde çykyş edýär. Bu ýagdaý Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi oňyn Bitaraplyk bolup, onuň mazmuny halkymyzyň ruhy gymmatlyklary bilen berk baglanyşyklydyr. Asyrlaryň dowamynda dagynyklygyň we çozuşlaryň jebrini çeken türkmen halky, beýik Pyragynyň arzuw eden ýaly, öz döwlet binasyny gurup, saýasynda erkin ýaşamagy maksat edinipdir. Şol sebäpli Bitaraplygyň esasy häsiýetnamalary — parahatçylyk söýüjilik, sabyr-takatlylyk, başgalaryň garaýyşlaryna hormat goýmak we dünýä üçin açyklyk — halkymyzyň ruhy ýörelgeleri bilen utgaşýar.
Parahatçylyk we ynanyşmak häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn!
Jennet HOJANAZAROWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby