Parahatsöýüjilige, agzybirlige, ynanyşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasaty Ýer ýüzünde ýokary gyzyklanma hem-de uly abraýa eýedir. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyna aýratyn orun degişli bolup, «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgelerimiziň halkara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetiniň ýokarydygyny buýsançly bellemek gerek. Çünki türkmen Bitaraplygynyň özeninde dünýäniň asudalygy, umumadamzadyň abadançylygy we bagtyýarlygy, hoşniýetli, dostana gatnaşyklaryň berkidilmegi ugrundaky tagallalar jemlenendir.
Islendik ýurduň durnukly ösüşi üçin parahatçylyk baş şert bolup durýar. Agzybirlikde alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berip, dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmaga uly mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýä ýüzünde uly goldaw tapýar. Bitaraplyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bütin dünýäde parahatçylygy, asudalygy pugtalandyrmakdaky durmuşa geçirilýän belent maksatly işleriň barha rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň Bitaraplygyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berilýändigini alamatlandyrýar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi halkymyzyň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer, asylly ýörelgeleriniň Ýer ýüzünde dabaralandyrylýandygyny äşgär edýär.
Umuman, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň parahatçylyk medeniýetiniň ýokarydygyndan habar berip, häzirki wagtda ýurdumyzy parahatçylygy dörediji merkez hökmünde tanadýar. Hormatly Prezidentimiz bu babatda şeýle diýýär: «Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr». Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň kämilleşdirilmegi hemişelik Bitaraplygymyzdan gelip çykýan aýdyň maksatlaryň barha rowaçlanýandygynyň özboluşly beýanydyr.
Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.