bilim talyplar THE ASHGABAT TIMES

Bilim – ösüşiň we döredijiligiň çeşmesi

02.11.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan bilim syýasaty hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ony dünýäniň ösen derejesine ýetirmäge uly üns berilýär. Çünki ylym-bilim ulgamy islendik ýurduň ösüşinde ähmiýetli orna eýedir.

Milli Liderimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyndaky Gutlag sözünde: «Berkarar döwletimiziň nurana geljegi şu günki ýaş nesillerimiziň aljak bilimi we terbiýesi bilen aýrylmaz baglydyr. Biziň beýik işlerimizi üstünlikli dowam etdirmek ýaşlaryň paýyna düşýär» diýip belledi. Şu jähetden hem döwrebap bilimlerden habarly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesine tutuş dünýäde möhüm meseleleriň biri hökmünde garalýar.

Mälim bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly giň gerimli maksatnamalar amala aşyrylýar. Bu ulgamy ösdürmäge maýa goýumlar gönükdirilýär, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Häzirki wagtda orta mekdeplerde we çagalar baglarynda, başlangyç, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, beýleki bilim edaralarynda okuw maksatnamalary milli ýörelgelere laýyklykda kämilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar hem bar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy, täze okuw maksatnamalary girizildi, rus we iňlis dilleri sapaklaryndan başga-da, fransuz, nemes, ýapon, hytaý, koreý, italýan dilleri orta mekdepleriň maksatnamalaryna goşuldy.

Jemläp aýdanyňda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, Watanymyzyň ykbalyna, ylym-bilimiň çalt depginde ösýän, adam paýhasynyň ýokary sepgitleri gazanýan döwründe ýaşaýan we zähmet çekýän häzirki hem-de geljek nesilleriň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir. Ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aşyraly AŞYROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
bitaraplyk taze 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk – parahatçylygyň binýady

bitara parahat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döwrüň parahatçylyk taglymaty

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop