bilim ucin THE ASHGABAT TIMES

Ylym-bilim – halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

01.11.2025

Bu günki günde ylym-bilim ulgamy döwletimiziň diňe bir içeri syýasatynda däl-de, eýsem, daşary syýasy gatnaşyklarynda hem iň bir ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi tebigy ýagdaý bolup, hiç bir ýurduň ösen milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu ugurdaky möhüm wezipelere aýratyn ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynda ylym-bilim ugurly gazanylýan ylalaşyklar, ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar häzirki taryhy eýýamda hil taýdan täze derejelere çykýar.

Türkmenistan milli bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Guramanyň ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda bilimi dolandyrmagyň täze maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. Munuň üçin eýýäm synag goşundysy işlenip taýýarlanyldy. Şu maksat bilen, ÝUNISEF tarapyndan Bilim ministrligi hem-de Innowasion maglumat merkezi bilen bilelikde milli hünärmenlere bu ulgamy ulanmagy öwretmek boýunça tejribe sapaklary geçirildi. Şunda 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylandygyny hem bellemek ýakymlydyr.

Ýaşlaryň halkara bilim olimpiadalaryna gatnaşmagy bilen bagly sanly bilim Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi geçirilýän halkara bäsleşikleriň we mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ders olimpiadalarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Şunda geçen ýylyň martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasynyň guralmagy möhüm ähmiýete eýe boldy.

Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olara halkara ölçeglere laýyk hünär derejesini bermek wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, ýokary okuw mekdepleriniň halkara guramalar, dürli döwletleriň diplomatik wekilhanalary, okuw merkezleri bilen guraýan çäreleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Maherrem ABDYLLAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
italiya s THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan – Italiýa: arheologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk

bitaraplyk taze 25 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – parahatçylygyň binýady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop